Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-Amerikan kino pudagyndaky gatnaşyklar maslahatlaşylýar


Meşhur amerikan kino režissýory we ssenariýeçi Maýkl Fitsjerald Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda medeni dialogy giňeltmegiň çäginde aprel aýynyň 16-syndan 20-sine çenli Türkmenistana sapar edýär. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy we türkmen metbugaty habar berýär.

Maglumatlara görä, saparyň dowamynda Maýkl Fitsjerald Türkmenistanyň hökümet işgärleri, şeýle hem ýurduň medeni pudagynyň spesialistleri, şol sanda Türkmenistanyň telewideniýe, radio we kinomotografiýa boýunça döwlet komitetiniň işgärleri bilen-de duşuşyklar geçiripdir. Bu duşuşyklarda kino pudagyny ösdürmek boýunça iki ýurduň arasyndaky perspektiwalar barada gürrüň edilendigi habar berilýär.

Maglumata görä, amerikan kino režissýory Türkmen döwlet medeniýet institutynyň studentleri we mugallymlary bilen hem duşuşyp, olaryň öňünde leksiýa bilen çykyş edipdir.

Maýkl Fitsjerald Kinomatografiýa sungaty we ylmy boýunça akademiýasynyň, Tellürid kinofestiwalynyň dolandyryjy geňeşiniň we Garward filmler arhiwiniň maslahatçylar geňeşiniň agzasydyr.

Ol dünýäniň ençeme film festiwallarynda žürilik etdi. Fitsjerald dünýäniň köp künjeklerinde,hususan-da, ABŞ-da, Meksikada, Nigeriýada, Beýik Britaniýada we Gündogar Ýewropada kinolary surata düşürdi.
XS
SM
MD
LG