Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň ilkinji “özboluşly” portreti çekildi


“Art Woýna” atly proýektiň çäginde çap edilen Putiniň şekili. Aprel, 2012.
“Art Woýna” atly proýektiň çäginde çap edilen Putiniň şekili. Aprel, 2012.
Orsýetiň täze saýlanan prezidenti Wladimir Putiniň syýasatyna we onuň ýene-de prezident saýlanmagyna ýurduň jemgyýetçiliginde bildirilýän protestler käte adaty bolmadyk, hatda radikal häsiýete-de eýe bolýar.

Hususan-da, özlerini garaşsyz oppozisiýa diýip atlandyrýan käbir toparlar häkimiýetleriň eden-etdiligine öz nägileliklerini bildirmek üçin, raýatlary hatda adaty bolmadyk döredijilik usullaryndan peýdalanmaga-da çagyrýarlar. Şeýle toparlardan biriniň “Uruş” atly proýektiniň çäginde Putini suratlandyrmak üçin adaty bolmadyk serişde ulanylypdyr.

Şu günki gün protest çäresinde Wladimir Putiniň suraty çekildi diýilse, bu hiç kimi geň galdyrmasa gerek. Putiniň suratlary köp çekilýär. 2000-nji ýyllaryň başlarynda ilkinji gezek prezidentlik wezipesini eýeläli bäri Putiniň portretleri Orsýetiň ähli edara jaýlarynda peýda boldy. Orsýete syýahat edýän käbir daşary ýurtlular Putiniň kagyza, mata, tagta çekilen portretlerini suwenir hökmünde satyn alýarlar.

Sungata özboluşly çemeleşiş

Ýakynda fransiýaly meşhur modelýer Karl Lagerfeld hem Putiniň suratyny çekdi. Moskwada çap edilýän “Metro” neşirinde ýerleşdirilen bu suratda Putin başy täçli şekillendirilipdi.

Ýakynda bolsa, internetde Putiniň ýene bir özboluşly suraty peýda boldy. Bu suratda Orsýetiň täze saýlanan prezidenti gazet bölekleriniň ýüzünde şekillendirilipdir.

Suratyň awtorynyň ady agzalmaýar, emma onuň Sankt-Peterburgyň golaýynda ýerleşýän Çudowo şäheriniň ýaşaýjysydygy we käri boýunça agaç ussasydygy aýdylýar.

“Art Woýna”, ýagny “Döredijilik urşy” atly proýektiň çäginde çap edilen melemtil reňkli bu suratyň näme bilen çekilenligini çak etmek kyn. Emma proýektiň ideýasynyň awtory we guramaçysy Igor Çepkasow bu suraty çekmek üçin adaty bolmadyk bir serişdäniň ulanylanlygyny aýtdy: “Proýektimiziň esasy manysy barada aýdylanda, ‘Uruş’ atly toparymyz döredijilik topary bolansoň, biz döredijilik ýoly bilen gitmek isledik. Halamaýan ýa hormat goýmaýan adamyňy erbet görnüşde garalamak üçin näme edip bolýar? Nejasat bilen garalap bolýar”.

Igor Çepkasowyň bu proýektiniň metbugat gullugynyň ýaýradan maglumatynda Putiniň suratynyň awtorynyň bu suraty öz pişiginiň nejesatynyň we adaty reňkiň 5:1 gatnaşygyndaky garyndysy bilen çekendigi barada maglumaty-da surata berkidendigi habar berilýär.

Protestmi ýa huligançylyk?

Şeýle adaty bolmadyk bäsleşigi geçirmekligiň inisiatory Igor Çepkasow özüni oppozisioner diýip atlandyrýar we bu proýekt arkaly Putiniň öz halkynyň kynçylyklaryna biparhlygyny görkezmek hem-de muňa protest bildirmek maksadyna eýerýänligini aýdýar.

Ol: “Putini hakyky saýlanan prezident hasap etmeýän toparymyz onuň inagurasiýasyna gabatlap, ençeme aksiýa geçirmek kararyna geldi. Bu aksiýamyzy hakyky we açyk jemgyýetçilik pikirini döretmäge we bu adamyň prezident bolmazlygyny, hiç bolmanda, wezipede uzak saklanmazlygyny gazanmaga synanyşygymyz hökmünde häsiýetlendirip bolar” diýip, öz garaýşyny mälim etdi.

Çepkasow özüniň huligançylykda aýyplanmak ýa başga bir aýyplamalar bilen tussag edilmek ýaly jezadan gorkmaýanlygyny aýtdy. Onuň ýolbaşçylygyndaky proýektiň çap eden suratynda ulanylan serişdäniň portret çekmek, hususanam, ýurduň ýolbaşçylaryny şekillendirmek üçin ulanylmagy sebäpli, Orsýetiň kanunlarynda haýsy-da bolsa bir jezanyň göz öňünde tutulyp-tutulmaýanlygyny häzirlikçe anyklap bolmady.

Bu wakanyň fonunda bolsa, Orsýetde Wladimir Putiniň täze prezidentlik möhletine kasam etmek dabarasyna resmi derejede taýýarlyklar görülýär. Putiniň prezidentlik üçin inagurasiýa dabarasy 7-nji maýda geçiriler.
XS
SM
MD
LG