Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi


Penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň wekilleri syýasy gepleşikler geçirdi. Oňa gatnaşmak üçin Owganystanyň ýörite delegasiýasy Aşgabada bardy.

Bu delegasiýa Owganystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Jawid Ludin ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki gepleşiklerde iki ýurdyň ykdysady, transport-aragatnaşyk, ýangyç-energetika we gumanitar pudaklary boýunça gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem geljegi barada maslahat edildi.

Owgan delegasiýasy öz ýurdunda parahatçylyk üçin Türkmenistanyň edýän aladalaryna ýokary baha berdi diýip türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG