Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuelanyň prezidenti Çawez öz ölümi baradaky habarlary ret etdi


Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawez duşenbe güni telefon arkaly ýerli telewideniýede çykyş etdi. Mundan öň, Çaweziň gaty agyr ýagdaýda ýatandygy ýa hut ölen bolmagynyň mümkindigi barada habarlar ýaýrapdy.

Çawez häzir Kubada rak hassalygy boýunça bejergi alýar. Çawezden bir hepde wagt bäri hiç habar bolmandy. Emma duşenbe günki çykyşynda ol ýakyn wagtda ýurda dolanjakdygyny aýtdy.

Ol: “Hudaý ýol berse, men 26-njy aprelde Karakasda bolaryn. Men ol ýere boldugyndan çalt barjak bolaryn. Ýöne mundan soň, bejergini ýene-de dowam etdirmeli bolar” diýdi.

Prezidenti Ugo Çawez özüniň ölümi bilen bagly maglumatlary gep-gybat diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG