Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Strauss-Khan öz “syýasy duşmanlaryny” aýyplap çykyş etdi


Halkara Walýuta Fondunyň ozalky başlygy Dominika Strauss-Khan geçen ýylyň maýynda Nýu-Ýork şäherindäki myhmanhananyň hyzmatçysy bilen öz arasynda bolan jynsy gatnaşygyň jemgyýetçilige äşgär bolmagynda öz “syýasy duşmanlarynyň” eliniň bardygyny aýtdy.

Şenbe güni “Guardian” gazetine beren bu interwýusynda ol myhmanhanynyň hyzmatçysy bilen öz arasynda bolan “pynhan duşuşygyň” jemgyýetçilik dawasyna öwrülmegini we bu hyzmatçynyň polisiýa şikaýat etmegini öz syýasy garşydaşlarynyň gurnandygyny belledi.

Şol wakanyň netijesinde Dominika Strauss-Khan Halkara Walýuta Fondunyň başlygy wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy. Birneme soňra oňa bildirilen jenaýat aýyplamalary “ýeterlik subutnamalaryň ýoklugyna” salnylanylyp, ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG