Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň şahsy hatlary we ýazgylary internete ýerleşdiriler


Birleşen Ştatlaryň hokumeti “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeniň öldürilmeginiň bir ýyllygyna gabatlap, onuň şahsy hatlaryndan we ýazgylaryndan käbiriniň internetde ýerleşdiriljekdigini mälim etdi.

Osama ben Laden dogry bir ýyl mundan ozal, 2011-nji ýylyň 2-nji maýynda Pakistanyň Abbottabad şäherindäki bir howluda öldürilende, şol jaýdaky kompýuterlerden onuň elektron hatlarynyň we şahsy ýazgylarynyň tapylandygy habar berlipdi.

ABŞ-nyň hökümetiniň terrorizme garşy göreş boýunça edarasynyň başlygy Jon Brennan döwlet syrlaryna degişli bolmadyk käbir dokumentleriň şu hepdäniň penşenbe güni internet arkaly jemgyýetçilige elýeterli ediljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG