Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soraýyşlyk Sarkoziniň ýenilmeginiň mümkindigini görkezýär


Fransiýada anna güni çap edilen pikir soraýyşlyklaryň netijesi şu ýekşenbe güni geçiriljek ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda prezident Sarkoziniň öz garşydaşy Fransua Ollanddan ýeňilmeginiň mümkindigini görkezdi.

Fransua Olland mundan ozal Nikolýa Sarkoziden 10 prosent töweregi köp goldawdan peýdalanan bolsa, bu gezek bu görkeziji 5 prosent aşak düşdi. Ýöne, muňa garamazdan, ýekşenbe günki saýlawlarda, barybir, onuň ýeňiş gazanmagynyň mümkindigi çaklanylýar.

Saýlawlaryň birinji tapgyrynda 9 prosent töweregi ses alan ozalky dalaşgär Fransua Baýro şu hepde özüniň Fransua Ollandy goldap ses berjekdigini yglan etdi.

Birinji tapgyrda 18 prosente golaý ses alan beýleki bir aşa sagçy dalaşgär Marin Le Pen Nikolýa Sarkozi bilen Fransua Olland ikisinden hiç birine ses bermejekdigini aýdyp, çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG