Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alysda açylan türkmen kafesi


Minsk şäheriniň merkezindäki “Aşgabat” atly türkmen kafesiniň bir künjegi. Minsk, aprel, 2012.
Minsk şäheriniň merkezindäki “Aşgabat” atly türkmen kafesiniň bir künjegi. Minsk, aprel, 2012.
Bir ýyldan gowrak wagt bäri Belarusyň Minsk şäheriniň merkezinde “Aşgabat” atly ýeke-täk türkmen kafesi müşderilere hyzmat edip gelýär. Kafe Belarus paýtagtynyň gelim-gidimli ýerleriniň biri “Nemiga siti” biznes merkeziniň binasynda ýerleşýär.

Kafeniň hödürlemeginde türkmen saçagyna mahsus öý tagamlaryndan başlap, häzirkizaman restoranlarynda taýýarlanylýan tagamlary, belarus we ýewropa aşhanasynyň naharlaryny görmek bolýar.

Kafeniň meýdançasy 20-25 adama niýetlenen oturgyçlar bilen üpjin edilipdir, kafe türkmençiligiň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halysy we ahal-teke atlarynyň çekilen suratlary bilen bezelipdir.

Täze kafe – täze medeniýet

Kafeniň hyzmat ediji personaly belarus gyzlary, ýöne aýtmaklaryna görä, türkmen milli naharlaryny ýörite Türkmenistandan çagyrylyp getirilen aşpeziň taýýarlamagynda müşderilere hödürlenýär.

Kafeniň müsderileriniň aglabasy yerli adamlar bolmaga çemeli, sebäbi her gezek baranyňda, kafede naharlanyp oturan adamlaryň köpüsiniň yerli adamlardygyna şaýat bolýarsyň. Bu hem Belarusda türkmeniň milli tagamyna bolan islegiň az däldigini görkezýär.

Kafede, aýtmaklaryna görä, şeýle aşhanalaryň açylmagy beyleki milletleriň türkmen milli tagamlary bilen tanyşmaklaryna, türkmenleriň bu ugurdaky tejribesini öwrenip, olaryň türkmen tagamlarynyň taýýarlanyş usulyny-da öwrenmeklerine mümkinçilik döredýär.

Sol bir wagtyň özünde-de, kafeniň diwarlarynda türkmenleriň medeniýetine mahsus asylgy duran eserler bu kafede diňe türkmeniň milli tagamlary bilen däl, eýsem yerli halky türkmenleriň medeniýeti bilen-de tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Kafeniň gurnaýjylary bu işi, umuman alanyňda, göwnejaý gurapdyrlar. Olar hatda kafeniň hususy saýtyny açmagy hem ýatdan çykarmandyrlar. Bu saýtda kafeniň salgysy, iş wagty, naharlaryň bahalary barada giňişleýin maglumatlar berilipdir.

Türkmenler hem hoşal

Bu kafeniň müşderileriniň arasynda Minskde ýaşaýan türkmenlerem bar. Emma, aýdylyşyna görä, olaryň ýygnanyşýan günleri esasan dürli baýramçylyklar ýa-da doglan günler bilen bagly geçirilýän üýşmeleňler bilen cäklenýär.

Meniň bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenleriň aýtmagyna görä, bu kafeniň açylmagy olary, esasanam, Minskde ýaşaýan türkmenistanly talyplary diýseň begendiriripdir.

Minsk şäheriniň uniwersitetleriniň birinde okaýan Serdar: “Minskde araplaryň, özbekleriň, hytaýlaryň aşhanasy öňden bäri bar. Olar ol ýerik häli-şindi ýygnanyşyp bilýärler. Bu ýerde kafeniň açylmagy biz üçin gowy boldy, biz hem öýümizi küýsän wagtymyz, ol ýere baryp durýarys” diýip, gürrüň berdi.

“Men başga şäherde okaýaryn, Minske gelen wagtym mümkinçilik bolsa, şol kafede naharlanyp gidýärin. Başga şäherlerde-de şeýle aşhanalar açylsa, juda begenerdik. Näme diýseňem, 6,000 sany türkmenistanly talyp okaýan ýurtda 15-20 adamlyk birje kafe azlyk edýär” diýip, Grodno şäherinde okaýan türkmenistanly talyplaryň yene biri aýtdy.

Maksat Arlyýew Günbatarda ýaşaýan türkmenistanly garaşsyz synçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG