Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Balkanyň” treneri şowsuzlyga “eminiň ýalňyşlyklarynyň” sebäp bolandygyny aýdýar


Türkmenistanyň “Balkan” topary bilen Palestinanyň “Al Amari” toparynyň arasynda bolan oýunda, Duşenbe, 5-nji maý.
Türkmenistanyň “Balkan” topary bilen Palestinanyň “Al Amari” toparynyň arasynda bolan oýunda, Duşenbe, 5-nji maý.
5-nji maýda Türkmenistanyň “Balkan” toparynyň futbolçylary Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Palestinanyň “Al Amari” topary bilen bolan oýunda 2:1 hasaby bilen utuldylar. Şeýdip olar Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky “C” toparyndaky saýlap-seçiş oýunlarynyň ilkinji oýnunda şowsuzlyga uçradydar.

Bu oýuna tomaşa eden Azatlyk Radisoynyň Täjik gullugynyň habarçysy Narzullo Latipo bäsleşikde ilkinji topy hut türkmen futbolçylarynyň geçirendigini aýdyp, onuň geçişi barada şeýle gürrüň berdi:

– Bu oýna pakistanly sudýa Huran Şahzat eminlik etdi. Ol oýnuň birinji böleginiň ahyrynda türkmen toparynyň ýarym goragçysyna ikinji sary karty görkezip, ony oýundan çykardy. Şonuň üçin oýnuň ikinji ýarymynda “Balkan” komandasynda diňe 10 oýunçy boldy, ýagny garşydaş toparda bir oýunçy köp boldy. Ýöne, muňa garamazdan, oýnuň ikinji ýarymynda “Balkanyň” oýunçylary ikinji topy garşydaşlarynyň derwezesinden geçirdiler. Emma emin bu topy hasaba almady.

“Balkanyň” baş treneri Aman Meredow
“Balkanyň” baş treneri Aman Meredow
Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy Narzullo Latipo oýundan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda türkmen toparynyň baş treneri Aman Meredowyň çykyş edip, bu oýnuň netijesine “eminiň goýberen ýalňyşlyklarynyň” täsir edendigi barada aýdandygyny gürrüň berdi.

7-nji aprelde Täjigistanyň “Ystyklol” topary Palestinanyň “Al Amari” topar bilen oýnaýar. 9-njy maýda bolsa täjik we türkmen futbol toparlary özara bäsleşerler.

Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky jemleýji oýunlara haýsy toparlaryň gatnaşjakdygy 9-njy maýdaky oýundan soň belli bolar.
XS
SM
MD
LG