Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýadaky saýlawlar ýewrony we aksiýalary pese gaçyrýar


Gresiýada geçirilen parlament saýlawlaryndan soň ýewro pul birligi dessine üç aý mundan ozalky derejesine düşdi we Ýewropa bazarlaryndaky aksiýalar pese gaçdy.

Bu saýlawlarda býujet meselesinde berk çäreleriň tarapynda çykyş edýän iki partiýa ýeterlik ses gazanyp bilmedi. “Täze Demokratiýa” partiýasy we “PASOK” Sosialist partiýasy bilelikde sesleriň diňe 32 prosentini almagy başardylar.

Analitikleriň aýtmaklaryna görä, saýlawlaryň netijesi halkara maliýe krizisinde Gresiýanyň geljegi we hökümetiň berk çäreleriniň täsiri barada alada döredýär.

Ýekşenbe güni saýlawlaryň netijesi yglan edileninden soň Gresiýanyň aksiýalary dessine 7,7 prosent pese gaçdy, ýewro bolsa dünýä bazarlarynda geçen ýanwar aýyndaky iň pes derejesine düşdi.
XS
SM
MD
LG