Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Rubin” komandasy Orsýet Federasiýasynyň kubogyny aldy


Çarşenbe güni giçlik Orsýetin Ýekaterinburg şäherinde Orsýet Federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky final ýaryşda Kazanyň “Rubin” komandasy Moskwanyň “Dinamo” komandasy bilen duşuşdy.

Çeçeleşikli geçen bu final ýaryşda türkmenistanly trener Gurban Berdiýewiň “Rubin” komandasy Moskwanyň “Dinamo” komandasyndan 1:0 hasap bilen üstün çykyp, Orsýet Federasiýasynyň kubogyna eýe boldy.

Munuň özi “Rubin” komandasynyň taryhda ilkinji gezek Orsýetiň kubogyna eýe bolmasy hökmünde alamatlandy. Mundan ozal “Rubin” futbol boýunça Orsýetiň iki gezek çempiony hem bolupdy.

Çarşenbe güni Rumyniýanyň Buharest şäherinde UEFA-nyň çempiony bolmak ugrundaky final ýaryşy hem geçirildi. Bu final ýaryşda Ispaniýanyň iki komandasy, ýagny Madridiň “Atletiko” komandasy bilen Bilbao şäheriniň “Atletik” komandasy bäsleşdi.

Bu ýaryşda Madridiň “Atletiko” komandasy 3:0 hasap bilen “Atletik” komandasyndan üstün çykyp, UEFA-nyň çempiony boldy.
XS
SM
MD
LG