Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň polisiýasy ozalky ministriň ölümi boýunça derňew geçirýär


Daşkendiň polisiýasy Özbegistanyň ozalky medeniýet we sport ministriniň öldürilmegi boýunça derňew işini geçirýändigini aýdýar.

Özbegistanyň resmileri 55 ýaşly Anwar Jabborowyň 8-nji maýda döwlete degişli Özbegistanyň Daşkentdäki muzeýler guramasynyň edarasynda näbelli adamlar tarapyndan öldürilendigini aýdýarlar.

Onuň jesediniň ýekşenbe güni,13-nji maýda tapylandygy we onuň bedeninde zorluklaryň yzlarynyň bardygy habar berilýär.

Jabborowyň garyndaşlary bu iş bilen bagly öldürenlikde güman edilýänleriň biriniň tussag edilendigini aýdýarlar, ýöne resmiler muny tassyklamady.

Jabborow Özbegistanyň medeniýet we sport ministri bolup 2009-2011-nji ýyllarda işläpdi. Soňra ol Özbegistanyň muzeýlerine ýolbaşçylyk edipdi.
XS
SM
MD
LG