Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-16-njy maýda Orsýet Federasiýasyna edýän iş saparynyň çäginde GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň resmi däl sammiti 15-nji maýda Moskwada geçirilýär.
Türkmenistan şu ýyl GDA guramasyna baştutanlyk edýär. Emma 15-nji maýda Moskwada geçirilýän resmi däl ýokary derejeli bu duşuşyk Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň baştutanlygynda geçýär. Bu barada Azatlyk Radiosyna Orsýetiň prezidentiniň administrasiýasynyň metbugat gullugy aýtdy.
GDA guramasynyň agza döwletleriniň baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu sammit Moskwa wagty bilen agşam sagat 19:30-da başlanýar. Onuň gün tertibi we maslahat ediljek temalar barada öňünden habar berilmedi. Kremliň metbugat gullugyna görä, bu barada köpçülige maslahatyň yzýany mälim ediler.
Türkmenistan GDA guramasyna assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar. 1991-nji ýylda guramanyň doly derejeli agzasy bolan Türkmenistan 2005-nji ýylyň awgust aýynda guramanyň çägindäki statusyny çäklendirip, gurama assosirlenen agza hökmünde gatnaşmak kararyny yglan edipdi.
Emma soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan GDA-nyň çägindäki roluny aktiwleşdirdi. Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda Türkmenistanyň GDA-nyň düzüminde alyp barýan hyzmatdaşlygy we gurama şu ýyl baştutanlyk etmegi “Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýänligini görkezýär” diýip bellenýär.
GDA guramasy şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna halkara synçysy hökmünde gözegçilik eden ýeke-täk gurama boldy.
Howpsuzlyk duşuşygy
15-nji maýda Kremlde GDA guramasynyň resmi däl sammiti bilen bir günde ýene bir regional guramanyň duşuşygy geçirildi. “Kollektiwleýin howpsuzlyk boýunça şertnama guramasynyň” ýubileý sammiti guramany döretmek boýunça ylalaşygyň 20 ýyllygyna we bu guramanyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Bu gurama Ermenistan, Belarus, Orsýet we Merkezi Aziýanyň Türkmenistandan başga ähli ýurtlary girýär.
GDA-nyň sammitiniň öňüsyrasynda Kremlde geçirilýän bu duşuşyga Orsýete iki günlük iş saparyna başlan Türkmenistanyň prezidenti gatnaşmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosyna guramanyň baş sekretariatynyň metbugat wekili Wladimir Zaýnetdinow aýtdy.
Zaýnetdinowyň sözlerine görä, “Kollektiwleýin howpsuzlyk boýunça şertnama guramasynyň” sammitiniň baş temasy global we regional howpsuzlyga degişli problemalara we gurama agza döwletleriň bu howplara garşy bilelikdäki çärelerine degişli.
Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň Orsýete saparynyň dowamynda onuň prezident Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşyp-duşuşmajagy hem häzirlikçe belli däl.
Berdimuhamedowyň Orsýete iş sapary Tatarystan Respublikasynda dowam etdiriler. 16-njy maýda Kazanda Türkmenistanyň prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçiriler. Resmi Aşgabat bu gepleşikleriň “uzakmöhletleýin esasda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täzeden kuwwatly itergi bermegine garaşýar”.