Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow Tatarystanyň paýtagtynda gepleşik geçirýär


Sişenbe güni agşamlyk Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazana sapara bardy. Berdimuhamedowy Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen premýer-ministri Ildar Halikow dagylar garşy aldylar.

Çarşenbe güni Kazanda prezident G.Berdimuhamedow bilen prezident R.Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň dürli ugurlary barada gepleşik geçirerler.

Şu gepleşigiň netijesinde-de, Türkmenistanyň hökümeti bilen Tatarystanyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklar boýunça hyzmatdaşlyklaryň 2012-2014-nji ýyllar boýunça ýörite programmasyna gol çekmeklik planlaşdyrylýar.

Tatarystana saparynyň öňýany prezident G.Berdimuhamedow sişenbe güni Moskwada GDA döwletleriniň liderleriniň näresmi Sammitine-de gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG