Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Timoşenkonyň daşary ýurda çykmagyna rugsat berilmez


Ýekşenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Ýuliýa Timoşenkonyň daşary ýurtda öz saglygyny bejertmegi üçin onuň tussaglykdan boşadylyp bilinmejekdigini aýtdy.

Ýanukowiçiň bu çykyşynyň öňýany Germaniýanyň resmileri tussaglykdaky Ýuliýa Timoşenkonyň öz saglygyny Germaniýada bejerdip biljekdigini mälim edipdiler.

Emma prezident Wiktor Ýanukowiç ýekşenbe günki eden çykyşynda Timoşenkonyň tussaglyk möhletiniň dowam edýän wagty onuň daşary ýurtda bejergi almagyna Ukrainanyň kanunçylygynyň rugsat bermeýändigini aýtdy.

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri, 51 ýaşly Ýuliýa Timoşenko geçen ýylyň oktýabrynda wezipesinden hyýanaýatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG