NATO Owganystanyň gündogaryndaky Kunar welaýatynda geçiren howa hüjüminde “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli lideriniň öldürilendigini habar berýär.
NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Howpsuzlyk boýunça kömek goşunynyň beren maglumatynda Saud Arabystanynda doglan Sakhr al-Taifi, şeýle hem Muştak we Nasim atlary bilen tanalýan, “Al-Kaýdanyň” Owganystandaky lideriniň öldürilendigi aýdylýar.
Maglumata görä, Al-Taifi daşary ýurtly söweşijilere, şeýle hem NATO we owgan güýçlerine garşy söweşlere ýolbaşçylyk edipdir.
Resmileriň aýtmaklaryna görä, ol ýygy-ýygydan Pakistan bilen Owganystanyň aralygynda syýahat edipdir, söweşijileri Owganystana getiripdir we olary ýarag bilen üpjün edipdir.