Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Yragyň paýtagtyndaky partlamalarda azyndan 12 töweregi adam öldi


Penşenbe güni Yragyň ýerli polisiýasy we medisina resmileri paýtagt Bagdatda amala aşyrylan birnäçe partlamada azyndan 12 töweregi adamyň ölüp, 30 töweregi adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Bu partlamalarda ýerli restoranlaryň, polisiýanyň işgärleriniň we käbir beýleki punktlaryň nyşana alnandygy habar berilýär.

Yragyň Içeri işler ministrligini maglumatyna görä, bu partlamalardan biri maşyna ýerleşdirilen bomba arkaly amala aşyrylypdyr.

Häzirki wagt bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG