Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň hukuk ýolbaşçysy Houla gyrgynçylygyny derňemäge çagyrýar


BMG-niň gözegçileri geçen hepdede Houla şäherinde gysga wagtda 108 adamynyň öldürilmegini “Şabiha” toparyndaky alawylardan görýärler.
BMG-niň gözegçileri geçen hepdede Houla şäherinde gysga wagtda 108 adamynyň öldürilmegini “Şabiha” toparyndaky alawylardan görýärler.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Baş komissary Newi Pilleý eglenmezden Siriýanyň Houla şäherindäki we ýurtda ýüze çykan beýleki zorluklar bilen bagly garaşsyz hem bitarap derňewiň geçirilmegine çagyrdy.

Newi Pilleý bu barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 1-nji iýunda Ženewada geçirilen adatdan daşary maslahatynda eden çykyşynda aýtdy. Ol eger şeýle derňewi geçirmek başartmasa, onda bu ýagdaýyň konfliktiň ýitileşmegine getirip, Siriýanyň gelejegini uly howp astyna salyp biljekdigini belledi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary derejeli wekili Houladaky gyrgynçylygyň "adamzada garşy amala aşyrylan jenaýat bilen deň derejededigini" belläp, bu wakanyň "Siriýada hiç bir jogapkärçilik çekmezden, asuda ýaşaýjylara garşy yzygiderli hem giň gerimli hüjümleriň amala aşyrylýandygyna" şaýatlyk edip biljekdigini nygtady.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Baş komissary Newi Pilleý
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Baş komissary Newi Pilleý
Houla şäherindäki zorlukly waka dünýä jemgyýetçiliginde ýiti ýazgarylyp, käbir ýurtlarda Siriýa wekilçilik edýän diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagyna sebäp boldy.

Newi Pillaý BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde eden çykyşyny jemläp, özleriniň 25-nji maýda Siriýanyň hökümet goşunlarynyň 14 sagadyň dowamynda Siriýanyň Houla şäheriniň ýaşaýyş kwartallaryny oka tutdy diýip güman edýänliklerini aýtdy. Şeýle hem ol özlerine gowşan maglumatlara esaslanyp, Siriýanyň hökümetini goldaýan “Şabiha” atly ýaragly toparyň Houla şäherinde onlarça adamyň öldürilmegine jogapkär bolmaklarynyň mümkindigini belledi.

“Şabihadan” görülýär

BMG-niň gözegçileri geçen hepdede Houla şäherinde gysga wagtda 108 adamynyň öldürilmegini “Şabiha” toparyndaky alawylardan görýärler.

ABŞ-nyň BMG-däki wekili Suzan Raýs
ABŞ-nyň BMG-däki wekili Suzan Raýs
Prezident Başar al-Assadyň esasan alawylardan düzülen režimi bolsa Houla şäherinde sünni musulmanlaryň öldürilmegini dini mezhepleriň arasynda dawa döretmek maksady bilen sünnüleriň özleriniň gurnandygyny aýdýar. Ýöne, ABŞ-nyň BMG-däki wekili Suzan Raýs 31-nji maýda çykyş edip, Siriýa režiminiň bu aýyplamalaryny ret etdi.

“Siriýa hökümetiniň aýyplamalary baradaky sowalyňyza jogap bersem, men muny ýene bir görnetin ýalan hasaplaýaryn” diýip, Suzan Raýs Assadyň režiminiň öňe sürýän zadyny tassyklaýan ýekeje-de subutnamanyň ýokdugyny nygtady. Şeýle hem ol BMG-niň synçylarynyň Siriýada bolup geçýän wakalar barada berýän maglumatlarynyň hem Siriýanyň režiminiň aýdýanlaryny tassyklamaýandygyny belledi.

Raýs Houla şäherindäki gyrgynçylygyň pidalarynyň käbirelriniň agyr artilleriýanyň oklaryndan heläk bolandyklaryna, beýlekileriniň bolsa “Şabiha” topary tarapyndan öýme-öý aýlanyp öldürilendiklerine hiç hili şübhäniň ýokdugyny nygtady.

Orsýeti tankytlady

Şeýle hem Raýs Siriýa ýarag bermegini dowam etdirýän Orsýeti tankytlady. Ol Siriýa garşy ýarag embargosynyň girizilmändigi sebäpli, bu ýagdaýyň tehniki taýdan halkara kanunçylygyny bozmaýandygyny belläp, öz halkyna garşy rehimsizlik bilen ýarag ulanýan režime harby enjamlary hem ýaraglary satmaklygyň ýazgarylmaga mynasypdyrgyny belledi.

Orsýetiň prezidentiniň edarasy bolsa özüniň Siriýa görkezýän goldawyny Günbataryň basyşy sebäpli gowşatmajagyny aýdýar.

Siriýa öňden bäri Orsýetiň ýarany hasaplanýar. Bu ýurtda Orsýetiň öňki sowet giňişliginden daşardaky ýeke-täk harby bazasy bar. Ol Tartus portunda ýerleşýär. Şeýle hem Siriýanyň Orsýetde öndürilýän ýaraglaryň esasy müşderileriniň biridigi aýdylýar.

Anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Germaniýa hem Fransiýa edýän saparlarynyň dowamynda Siriýa bilen bagly meseläniň gozgalmagyna garaşylýar.

Geçen ýylyň mart aýynda Siriýada Başar al-Assadyň režimine garşy protestler başlaly bäri, bu ýurtda ýüze çykan zorluklarda 10 müňden gowrak adamyň heläk bolandygy habar berilýär. Olaryň köpüsi asuda ýajaýjylar, arasynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri hem bar.
XS
SM
MD
LG