Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde prezidentlige ikilenji tapgyr saýlawlar geçirilýär


Şenbe güni Müsürde ýurduň prezidentligine ikilenji tapgyr saýlawlar geçirilýär. Bu saýlawlar iki günüň dowamynda, ýagny şenbe we ýekşenbe günleri geçiriler.

Onda “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekili Mohammed Mürsi bilen ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafik prezidentlik ugrunda özara bäsleşýärler.

Ahmed Şafik Müsüriň ozalky diktator lideri Hosni Mübäregiň döwründe premýer-ministr bolup işläpdi. Bu saýlawlaryň öňýany, şu geçen hepde Müsüriň Ýokary Konstitusion sudy täze saýlanan parlamenti dargatmak barada karar çykardy.

Suduň bu kararyna parlamentde agdyklyk edýän “Musulman Doganlygy” partiýasy uly nägilelik bilen reaksiýa bildirdi. Şu soňky wakalar sebäpli ýurtdaky syýasy ýagdaý belli bir derejede dartgynly bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG