Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde yslamçylar ýeňiş yglan etdiler


“Musulman doganlygy” hereketinden prezidentlige kandidat Mohamed Morsiniň tarapdary onuň suratyny ogşaýar, Kair, 18-nji iýun.
“Musulman doganlygy” hereketinden prezidentlige kandidat Mohamed Morsiniň tarapdary onuň suratyny ogşaýar, Kair, 18-nji iýun.
Müsüriň “Azatlyk we Adalat” partiýasynyň 18-nji iýunda yglan etmegine görä, olaryň dalaşgäri Muhammet Mursi geçen dynç güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanypdyr. Bu barada partiýanyň “Twitter” internet saýtynda yglan edildi. Partiýanyň “Musulman Doganlygy” hereketiniň internet saýtynda Muhammet Mursi “Müsüriň ähli halky tarapyndan saýlanan ilkinji prezidenti” diýlip ykrar edilýär.

Mursi prezidentlik kampaniýasy wagtynda özüniň “ähli müsürlileriň, şol sanda musulmanlaryň, hristianlaryň prezidenti bolmagy we şolara gulluk etmegi” söz berdi.

“Musulman Doganlygy” hereketiniň ýaýradan resmi däl maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlarda berlen sesleriň 95 prosenti sanalandan soňra Muhammet Mursi sesleriň 52 prosentini alypdyr. Onuň bäsdeşi, öňki premýer-minister Ahmet Şafik bolsa, sesleriň 48 prosentini gazanypdyr.

Müsürde yslamçy kandidat ýeňiş yglan etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00
Wideo: “Musulman Doganlygy” Muhammet Mursiniň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

“Musulman Doganlygy” hereketiniň yglan etmegine görä, Ahmet Şafigiň tarapy “ýeňilendiklerini” we diňe Merkezi saýlaw komissiýasynyň saýlawlaryň netijelerini yglan edip biljekdigini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde häzirki wagtda ýurdy dolandyrýan Müsüriň ýaragly güýçleriniň Ýokary geňeşi şu gün “Baş kanun jarnamasyna” goşmaçalar girizdi. Ol Ýokary geňeşiň kanunçylyk ygtyýarlyklaryny we maliýe gözegçiligini güýçlendirýär. Şeýle-de, bu dokumente görä, Ýokary geňeş Müsüriň Baş kanunynyň taslamasyny taýýarlajak 100 agzadan ybarat topary bellär we täze parlament saýlawlary entek täze Baş kanun tassyklanýança geçirilmez.

Müsüriň Ýokary geňeşine marşal Huseýn Tantawi ýolbaşçylyk edýär. Ol öňki prezident Hosni Mubarek döwründe 20 ýyllap goranmak ministri boldy.

“Musulman Doganlygy” hereketiniň metbugat wekiliniň 18-nji iýunda irden geçiren metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, partiýa suduň golaýda çykaran kararyny ykrar etmeýär. Şol karara laýyklykda, ýurduň saýlanan parlamenti we harby geňeşiň Baş kanun jarnamasy kanuny güýje eýe däl.

Müsürde köp adam Ahmet Şafige 2011-nji ýylda häkimiýetden çetleşdirilen öňki prezident Hosni Mubaregiň ýarany we köne režimi dowam etdirýän şahs hökmünde garaýar. Ol ýurduň howa güýçleriniň öňki komandiri we Hosni Mubaregiň iň soňky premýer-ministridir.

Başga tarapdan, Muhammet Mursiniň garşydaşlarynyň aýtmaklaryna görä, “Musulman Doganlygy” Müsüri Yslam döwletine öwürmegi we hristianlaryňdyr aýal-gyzlaryň hukuklaryny çäklendirýän syýasaty alyp barmagy maksat edinýär.

Saýlawyň resmileri 16-njy we 17-nji iýunda Müsürde geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijeleriniň diňe 21-nji iýunda yglan ediljekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG