Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-20 sammiti Ýewropany gyssagly çäre geçirmäge çagyrýar


Obama Ýewropanyň krizisden çykmak üçin ýeterlik serişdeleriniň bardygyny belledi, Los Kabos, Meksika, 19-njy iýun.
Obama Ýewropanyň krizisden çykmak üçin ýeterlik serişdeleriniň bardygyny belledi, Los Kabos, Meksika, 19-njy iýun.
Dünýäniň G-20 toparynyň liderleri Ýewropa ýüzlenip, özüniň häzirki bergi krizisini çözmegi üçin gyssagly çäreleri geçirmäge çagyrdylar.

G-20 toparynyň Meksikada geçirilen iki günlük sammitiniň ahyrynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama çykyş edip, Ýewropanyň liderleriniň özleriniň maliýe kynçylyklaryny çözmek ugrunda dogry ädimleri ätjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

“Ilki bilen biziň Ýewropadaky dostlarymyz bu meseläniň möhümdigine düşünip, muňa çynlakaý çemeleşýärler. Şeýle-de olar çözgütleri gyssagly tapmak ugrunda tagalla edýärler” diýip, Obama aýtdy. “Men olaryň ösüşi, maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin häzire çenli kabul eden möhüm kararlaryny goldaýaryn. Ýewropanyň liderleriniň ýewrozonadaky durnuklylygy, maliýe bazarlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli gerekli çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny bärde hem yglan etmekleri meni diýseň begendirdi”.

Obama Ýewropanyň krizisden çykmak üçin ýeterlik serişdeleriniň bardygyny belledi. Obama ABŞ-nyň häzir öz ykdysady kynçylyklary bilen meşguldygyny, şeýle-de özüniň halkara hyzmatdaşlaryna hiç hili maliýe kömegini edip bilmejekdigini gytaklaýyn duýdurdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýewro pul birliginiň ykbalyndan has köp Birleşen Ştatlaryň dollarynyň ýagdaýyna alada bildirýändigini aýtdy. Putin ABŞ-nyň hökümetiniň bergisiniň 15 trillion dollara deňdgini hem nygtap geçdi.

Ýewropanyň liderleri G-20 sammitiniň dowamynda özleriniň bank sistemalaryny kämileşdirmek boýunça anyk çäreleri geçirmekçi bolýandyklaryny hem mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG