Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň hökümeti NATO-nyň ýygnagyndan öň maslahat geçirýär


Türkiýäniň hökümeti Siriýanyň harby güýçleri tarapyndan urulyp ýykylan harby uçary bilen bagly wakany ara alyp maslahatlaşýar.

Geçen anna güni NATO-nyň agzasy Türkiýe halkara howa giňişliginde öz uçaryny Siriýänyň duýdurmazdan urup ýykandygyny yglan etdi.

Türkiýäniň haýyşy esasynda NATO-nyň ilçileri uçar bilen bagly waka boýunça sişenbe güni duşuşmaklygy planlaşdyrýarlar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň oppozisiýa garşy zorluk ulanmagyny Türkiýäniň yzygiderli ýazgarmagy Türkiýe bilen Siriýanyň gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton Türkiýäniň uçarynyň urulyp ýykylmagyna “kabul ederliksiz” diýip baha berdi.
XS
SM
MD
LG