Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awaza dünýä standartlaryna ýetermi?


Awaza turistik zolagynyň bir künjegi. Iýun, 2012.
Awaza turistik zolagynyň bir künjegi. Iýun, 2012.
Awaza turistik zolagynda döwlet tarapyndan myhmanhanalaryň gurluşygy S.Nyýazow döwründe başlanyp, ýurtda häkimiýet çalşandan soň, oňa berilýän üns has-da güýçlendirildi.

Kabul edilen programma laýyklykda, 2007-nji ýyldan bäri bu ýerdäki gurluşyklar üçin 1.4 milliard dollar möçberinde pul serişdesi goýberilipdir. Bu ýeriň dünýä standartlaryna laýyk gelýän syýahatçylyk – dynç alyş zolagyna öwrüljekdigi programmada yglan edilipdi.

Daşary ýurtlardan belli aýdymçylar, artistler çagyrylyp, uly dabara bilen açylan Awazadaky myhmanhanalaryň bu ýere dynç almaga gelýänler üçin tölegi näçe we ol ýerdäki şertler näderejede göwnejaý?

Daşary ýurtly turistleri Awaza çekmekligiň nähili mümkinçilikleri bar? Awazany dünýäniň turistik standartlaryna ýetirmek üçin neneňsi meseleler çözülmeli? Bu gezekki Tegelek Stol gepleşiginde şu meseleleriň üstünde durulyp geçilýär.

Şu temadan geçirilen "Tegelek Stol" gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG