Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşiginiň prezidentlik wezipesi Kipre geçdi


1-nji iýuldan başlap Kipr respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň prezidentlik roluny öz üstüne alýar.

Şol bir wagtyň özünde, Kipr häzirki wagt Ýewropa Bileleşiginden maliýe ýardamlaryny almak ugrunda gepleşik alyp barýar. Geçen hepde Kipr ýewro zona girýän ýurtlaryň arasynda bäşinji bolup özüne maliýe ýardamlarynyň berilmegi üçin halkara jemgyýetçiligine ýüz tutdy.

Halkara Walýuta Fondy Kipriň maliýe kynçylyklarynyň, esasan, Gresiýanyň ýetirýän negatiw täsiri netijesinde dörändigini aýdýar.

Şu hepdäniň duşenbe güni Kipriň maliýe pudagyndaky problemalary ýakyndan öwrenmek üçin Ýewropa Komissiýasynyň, Halkara Walýuta Fondunyň we Ýewropanyň Merkezi Bankynyň resmileri bu ýurda barmaklygy planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG