Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýanmarda tussaglar üçin amnistiýa yglan edildi


Mýanmarda 46 sany tussagyň amnistiýa düşüp, azatlyga çykarlandygy barada ýerli metbugat habar berýär.

Maglumata görä, 37 erkek we 9 aýal sişenbe güni eýýäm tussaglykdan çykarylar.

Demokratik aktiwistleriň sözlerine görä, amnistiýa düşenleriň 20-si wyždan tussaglary eken.

Resmiler Mýanmaryň 46 raýaty bilen bir hatarda, 34 daşary ýurtly tussagyň hem azat edilýändigini aýtdylar. Emma daşary ýurtly tussaglaryň şahsyýetleri ýa-da olaryň etmişleri barada maglumat berilmedi.

Mýanmarda amala aşyrylýan reformalaryň çäginde, soňky bir ýylyň dowamynda ýurtda 659 syýasy tussag azat edilipdir. Bu sanlary adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy maglumat berýär.
XS
SM
MD
LG