Ukrainada rus diliniň resmi statusyny düýpgöter ýokarlandyrýan kanun proýekti kabul edilenden soň, ýurduň parlamentiniň spikeri Wolodimir Litwin wezipesinden çekilmek üçin teklip berdi.
“Meniň wezipämden çekilmegimi maslahat etmegiňizi we bu barada karar kabul etmegiňizi soraýaryn” diýip, Litwin çarşenbe güni parlamentiň açyk sessiýasynda deputatlara ýüzlendi.
Parlamentde köpçülik bolup oturan Regionlar Partiýasynyň deputatlary sişenbe güni geçirilen ikinji we jemleýji ýygnakda bu kanun proýektiniň kabul edilmegini çaltlandyryp, parlamentde goh-galmagallaryň tutaşmagyna sebäp boldular.
Habar berlişine görä, parlamentiň başlygynyň orunbasary Mikola Tomenko hem Liwtin bilen bile wezipesinden çekilmegi teklip edipdir.
Bu kanun proýektiniň kabul edilmegi Kiýewde gaharly protestleriň ýüze çykmagyna hem getirdi. Ençeme protestçiler gijäniň ýaryndan soň hem öýlerine ýygnanmadylar.
Çarşenbe güni parlamentiň oppozision agzalarynyň baştutanlyk etmeginde köçelere çykan ýüzlerçe protestçiler demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanan polisiýa işgärleri bilen çaknyşdylar.
Dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen, prezident Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň Ýewro 2012 futbol ýaryşyny bilelikde geçirmekdäki üstünligi barada öňünden planlaşdyrylan çykyşyny soňa goýup, Litwin bilen esasy fraksiýalaryň liderlerini gyssagly duşuşyga çagyrdy.
Gürrüňi edilýän kanun proýekti ýurduň köp ýerlerindäki hukuk işlerinde, biznesde we bilimde rus diline ukrain dili bilen deň derejedäki statusy bermegi göz öňünde tutýar.
Bu proýekt köplenç rus dilinde gürleşilýän ýerlerde rus dilini “regional” dil hökmünde ykrar etmegi, şeýle hem onuň döwlet edaralarynda ulanylmagyny gazanmagy maksat edinýär.
Tankytçylar bu ýagdaýyň ukrain diline zeper ýetirjekdigini we Ukrainanyň özygtyýarlylygyna howp abandyrjakdygyny aýdýarlar.
Oppozisiýadaky partiýalar bu teklibe, oktýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryndan öň, rus dilinde gürleýän saýlawçylaryň gözlerini boýamak üçin edilýän synanyşyk hökmünde garap, ony ýazgarýarlar.
Indi bu kanun proýektiniň güýje girmegi üçin, oňa Regionlar partiýasyna baştutanlyk edýän Ýanukowiç, şeýle hem Litwin gol çekmeli.
Rus dilinde gürleýän ilat Ukrainanyň günortasynda we gündogarynda, şeýle gem uly şäherlerde has köp. Ukrain dilinde gürleýänler bolsa köplenç ýurduň günbatarynda we demirgazygynda, şeýle hem oba ýerlerinde ýaşaýarlar.

Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!