Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: suw joşmasyndan soň 17 müňden gowrak adam toksuz galýar


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň maglumatyna görä, suw basan Krasnodar regionynda 17 müňden gowrak ilat häzire çenli elektrik togundan mahrum bolmagynda galýar.

Ministrligiň sişenbe güni beren maglumatyna laýyklykda, geçen şenbe güni 170-den gowrak adamy heläk eden suw joşmasyndan soň, 28 müň töweregi adam gazdan, 2 müň töweregi adam bolsa agyz suwundan mahrum bolupdyr.

Resmiler bu betbagtçylygyň jemi 48 müň ilata täsirini ýetirendigini aýdýarlar.

Regionyň resmileri suw joşmasynyň 133 million dollar töweregi möçberde zeper ýetirendigini belleýärler.

Sişenbe güni oppozisiýadaky Adalat partiýasy betbagtçylyk bilen bagly resmileriň işleriniň seljerilmegine çagyryş etdi.

Orsýetiň hökümeti suw joşmasynda goýberen ýalňyşlaryny boýun aldy we bu ýagdaý bilen baglylykda azyndan iki ýerli resmini wezipelerinden boşatdy.
XS
SM
MD
LG