Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewro-2012 we pikir azatlygyna tarap ädim


Ýewro-2012, Warşawa, 28-nji iýun.
Ýewro-2012, Warşawa, 28-nji iýun.
Ýakynda türkmen telewideniýesinde Ýewro-2012 futbol ýaryşyny Ýunus Annaýew hem Kuwwatmyrat Sähetmyradow göni efirde alyp bardylar. Türkmenistanda halkara derejesinde geçýän sport ýaryşyna syn berip alyp barmak tejribesiniň şu çaka çenli bolmandygyna garamazdan, alyp baryjylaryň futbol oýnuna beren synynyň erbet bolmandygynam aýtmak gerek.

Ýewro-2012 futbol ýaryşynyň ilkinji günlerinde halkara derejeli eminlerimiz, esasan futbol oýunlaryna eminlik edenleriň çykaran netijesini goldan bolsalar, eýýäm futbol ýaryşynyň üçünji gününden, has dogrusy, 10-njy iýunda C milli ýygyndylaryň duşuşygyndan başlap, eminlerimiz oýna eminlik edenleriň çykaran netijeleriniň göwne makul dällerini açyk aýdyp başladylar.

Halkara derejeli eminlerimiziň Ukraina–Angliýa milli ýygyndysynyň duşuşygynda Ukrainanyň derwezä salan pökgüsiniň hasap edilmändigini hem Ispaniýanyň Horwatiýa bilen duşuşygynda ispanlaryň tora salan gollarynyň oýundan daşardaky ýagdaýda bolup geçendigini açyk aýtmaklary türkmen mediasynda hem pikir açyklygyna tarap ädilen ädim boldy diýip aýtsa bolar.

Ýewro-2012 futbol ýaryşynyň soňky tapgyrlaryndaky oýunlarda milli ýygyndylaryň duşuşygynda alyp baryjylarymyz hem kämilleşip, şol duşuşygyň bolup biläýjek netijeleri hakynda öz pikirlerinem, daşary ýurtdaky sport žurnalistleriniň, hünärmenleriň çaklamasynam aýtdylar. Milli ýygyndylaryň futbol oýnunyň netijesinem edilen çaklamalar bilen deňeşdirdiler.

Ýene bir bellemeli zat, owalbaşda Ýewro-2012 futbol ýaryşynyň göni efirde görkezilmegi üçin, döwlet baştutanyna yzygiderli minnetdarlyk bildirilen bolsa, bu ýaryşyň soňky tapgyrlarynda syýasy mahabatlandyrma belli bir derejede çäklendirildi. Bu hem gutlamaly ýagdaý.

Türkmen intelligensiýasynyň uly bölegi ilkiler futbol ýaryşyny daşary ýurt, esasan rus we türk telekanallaryndan gören bolsalar, soňra olaram alyp baryjylarymyzyň futbol ýaryşyny köptaraply beýan edendikleri üçin, öz ýerli “Türkmensporty” telekanalymyzdan görüp başladylar.

Garaz, halk köpçüligi, sport bilen baglanyşykly bolsa-da, ilkinji gezek dürli pikirler, garaýyşlar bilen tanyş boldular. Bu bolsa türkmen mediasynyňam geljekde ilhalar bolmagyna uly umyt döredýär.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG