Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London: sungat işgäri awtobusy pälwana öwürdi


Dawid Çernynyň döreden awtobusy, London.
Dawid Çernynyň döreden awtobusy, London.
Çehiýaly sungat işgäri Dawid Çerny 27-nji iýulda Londonda Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin iki gatly awtobusy ellerini ýere diräp göwresini götermek bilen, maşk edýän pälwana öwürdi. Ol öň hem tomaşaçylarda dürli gapma-garşylykly pikirleri döredýän işleri bilen tanalýardy.

Öz döredijilik maksady üçin Dawid Çerny Gollandiýadan 1957-nji ýylda öndürilen "Routemaster" kysymly awtobusy satyn alyp, oňa ägirt uly gyzyl reňkli elleri ýasady.

Awtobus şol ellerini ýere diräp, göwresini göterip biler ýaly, elektronik abzallar bilen enjamlaşdyryldy. Şeýdip, çehiýaly sungatçy maşk edýän pälwana öwrülen iki gatly awtobusy “London Booster” diýip atlandyrdy.

Elektronik mehanizmiň kömegi bilen maşk edýän awtobusdan maşk etmekde kynçylyk çekýän ýaly sesler hem çykýar, onuň aýnalarynda bolsa dürli wideoýazgylar görkezilýär.

Gyrmyzy geňk bilen boýalan bu awtobus Çehiýanyň sportçy Olimpiýa toparynyň ýaşajak binasynyň ýanynda durar.

Çehiýaly sungat işgäri Dawid Çerny
Çehiýaly sungat işgäri Dawid Çerny
Çehiýaly sungat işgäri özüniň ýasan awtobusy Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda maşk edip durar diýip umyt edýär: “Dünýä sportsmenleriniň ählisi üçin umumy maşk - ellerini ýere diräp, göwräni götermek maşkydyr. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bu şowhun döreder. Bir tarapdan bu maşk sportsmenlere zerur, başga tarapdan bolsa, ony harby gullukda ýa-da türmede jezalandyrylan adamlara etdirilýär. Şeýlelikde bu maşk adamyň fiziki mümkinçiliklerini subut edip biljek uniwersal hereket bolup duryar. Şonuň üçin hem men ony gowy görýärin”.

Çehiýaly sungat işgäri Dawid Çernynyň döredijiligi öň hem Londonyň polisiýasynda, Ýewropanyň syýasatçylarynda hem rus diplomatlarynda nägilelik döredipdi.

2009-njy ýylda ol Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki edarasynyň binasynda “Entropa” atly dürli bölejiklerden düzülen ägirt uly desgany gurnady. Çehiýanyň Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk etmegi bilen bagly döredilen bu desgada Ýewropa ýurtlary ýakymsyz şekiller bilen görkezilipdi.

Bolgarlar özleriniň hajathanalar hökmünde görkezilmeginden nägile bolup protest bildirensoňlar, Dawid Çerny desganyň bolgarlara degişli bolegini ýas tutmaklygy aňladýan gara mata bilen ýapdy.

Bu desgada Germaniýa swastika, ýagny nasistleriň alamaty görnüşinde biri-biri bilen baglanýan gara ýollar ulgamy bilen görkezilse, Fransiýanyň ýerinde “Iş taşlaýyş” diýlen ýazgy ýerleşdirilipdi.

1990-njy ýyllaryň başynda Londonda geçirilen sungat sergisinde Dawid Çerny uly-uly plakatlaryň üstüne ýaragyň şekillerini ýerleşdirip, sergä baran tomaşaçylary ilatyň ösüş derejesine gözegçilik etmek üçin “Öldürmekligiň gününe” syn etmäge çagyrdy.

Dawid Çernynyň öňki jedelli işleri bilen deňeşdireniňde, Londondaky maşk edýän awtobusy köp gapma-garşylygy döretmejege meňzeýär.
XS
SM
MD
LG