Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti gozgalaňçylara ultimatum goýdy


Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmon Daglyk-Badahşanda hökümet goşunlary bilen çaknyşan ýaragly toparlary ýaragsyzlandyryp, jogapkärçilige çekmegi talap etdi.

Täjigistandan gowşan maglumatlarda Rahmonyň hemme “jenaýatçy toparlaryň” kanunyň önünde jogap bermelidigini aýdandygy bellenilýär.

Daglyk-Badahşandaky ýagdaý barada adatdan daşary maslahat geçiren täjik prezidenti ýaraglaryny meýletiň tabşyran toparlary amnistiýa etjegini aýtdy.

21-nji iýulda Daglyk-Badahşanda ýurduň howpsuzlyk gullugynyň ýokary derejeli resmisi öldürilensoň, Täjigistanyň hökümet goşunlary bu regionda häkimiýetleriň “söweşijiler” diýip atlandyran toparlaryna garşy hüjüme başlapdy.

Hökümet resmileri, dini liderler hem oba ýaşululary “söweşijiler” bilen gepleşik geçirip, eýýäm 60-a golaý adamyň ölümine sebäp bolan harby hereketleri bes etmeklige yrmaga synanyşdylar.

Bu ýaragly çaknyşykda heläk bolanlaryň arasynda asuda ýaşaýjylaryň hem bardygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG