Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa: Halkara inspektorlary tygşytlamak boýunça gepleşige başlady


Halkara inspektorlary Gresiýada tygşytlamak plany boýunça grek häkimiýetleri bilen gepleşik geçirmek üçin şu gün Afina bardylar.

Ýewropa Bileleşiginiň, Halkara Walýuta Fondunyň hem Ýewropanyň Merkezi bankynyň resmilerinden düzülen inspektorlar topary Gresiýa kömek hökmünde berilýän karzyň nobatdaky bölegini makullamak üçin, ýurtda zerur bolan ykdysady reformalaryň geçirilip-geçirilmänligini kesgitlemäge synanyşarlar.

Ýewropa Komissiýasy Gresiýa zerur bolan maliýe serişdeleriniň awgust aýyna çenli ýeterlikdigini aýdýar. Ýöne Gresiýa mundan beýläkki berilmeli kömek baradaky karara sentýabryň başynda gelinmegine garaşylýar.

Şeýle hem, Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Joze Manuel Barossonyň şu gün grek resmileri bilen gepleşik geçirjekdigi aýdylýar.

Gresiýa batmagyň öňüni alyp, ýewro zolagynda galmagy üçin gaty berk tygşytlylyk çärelerini amala aşyrmaga mejbur.
XS
SM
MD
LG