Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Panetta: Eýrana garşy harby çözgüt heniz hem gün tertibinde


ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta “Demir gümmez” atly raketa hüjümine garşy goranyş sistemasy sebitinde çykyş edýär. 1-nji awgust, 2012 ý.
ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta “Demir gümmez” atly raketa hüjümine garşy goranyş sistemasy sebitinde çykyş edýär. 1-nji awgust, 2012 ý.
ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Eýrana duýduryş berip, Tähranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin "ähli mümkinçilikleriň", şol sanda harby çözgüdiň hem gün tertibinde durandygyny aýtdy.

Panetta bu barada Aşkelon şäheriniň etegindäki “Demir gümmez” atly raketa hüjümine garşy goranyş sistemasyny görmäge baranda aýtdy.

Panettanyň ysraýylly kärdeşi Ýehud Barak Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň üsti bilen Tähranyň ýadro programasyndan el çekjekdigine “juda az mümkinçiligiň” bardygyny aýtdy.

Mundan öň, Tel-Awiwde eden çykyşynda Panetta ABŞ bilen Ysraýylyň özara “berk gatnaşyklarynyň” bardygyny belläp, howpsuzlygy üpjün etmek üçin iki ýurduň hem tagalla etjekdigini aýtdy.

Panetta: “Biziň ýurtlarymyzyň arasynda berk gatnaşyklar bar, bu diňe dostluk gatnaşyklary bolman, eýsem muňa howpsuzlyk hem girýär. Biz bilelikde işläp, iki ýurduň howpsuzlygyny goramak üçin, elimizden gelen ähli tagallany ederis” diýdi.

Çarşenbe güni Panettanyň premýer-ministr Benýamin Netanýahu bilen hem gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Panetta gepleşikleriň dowamynda Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly döräp biljek “dürli ýagdaýlar we olara beriljek jogaplar” barada gürrüň ediljekdigini aýtdy. Ol Eýrana garşy bolup biljek hüjüm baradaky planlaryň maslahat edilmejekdigini hem sözüne goşdy.

Eýranyň baýlaşdyrylan urany ýadro ýaragyny döretmek üçin ulanyp biljekdigi baradaky howatyrlanmalar sebäpli, Tährana garşy ençeme tapgyr halkara sanksiýalary girizilipdi.

Ysraýyl bolsa Eýranyň ýadro programmalaryna harby hüjüm bilen jogap beriljekdigini öňe sürüp gelýär.
XS
SM
MD
LG