Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Howpsuzlyk güýçleri azyndan 35 adamy öldürdiler


Gozgalaňçylar Siriýa goşunyna garşy söweşe çykmaga taýýarlanýarlar. Aleppo, 2-nji awgust, 2012.
Gozgalaňçylar Siriýa goşunyna garşy söweşe çykmaga taýýarlanýarlar. Aleppo, 2-nji awgust, 2012.
Siriýaly aktiwistler hökümet güýçleriniň hepdäniň penşenbe güni Damaskyň eteginde geçiren hüjümlerinde azyndan 35 adamyň öldürilenligini we, käbir adamlaryň gynamalara sezewar edilip, jezalandyrylandygyny aýdýarlar.

Siriýaly aktiwistleriň Londondaky ynsan hukuklary topary hökümet goşunlarynyň Damaskyň günorta-günbatar tarapyndaky Jdeýdet Artouz etrabynda 100-e golaý ýaş adamy tussag edendiklerini we mekdebe eltip, gynandyklaryny habar berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, harbylar penşenbe güni irden bu ýerden gidenlerinde, yzlarynda bir topar jeset galdyrypdyrlar.

Döwlet telewideniýesi Jdeýdet Artouz etrabynda “onlarça terrorçynyň we hakyna tutulan adamyň ýesir düşendigini ýa öldürilenligini” habar berdi.

Hepdäniň penşenbe güni Jdeýdet Artouz etrabynda bolan waka barada habar berilmezinden bir gün öň Aleppoda hökümete garşy çykyş edenler diýlip atlandyrylan adamlaryň jezalandyrylşyny görkezýän wideo ýazgylar peýda bolupdy.

Wideo: Siriýada režimçiler jezalandyryldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00

Wideoda gazaply ýenjilip, diwaryň öňünde hatarlanyp goýlan adamlaryň oka tutulýanlygy görkezildi.

Halkara ynsan hukuklaryny goraýjylar Siriýadaky konflikte gatnaşýan taraplaryň ikisini-de zorluga ýol bermekde aýypladylar.

Söweş dowam edýär

Siriýanyň ynsan hukuklary boýunça gözegçisi atly topar hepdäniň penşebe güni gozgalaňçylaryň hökümetiň Aleppo şäheriniň golaýyndaky howa bazasyny oka tutandyklaryny we munuň üçin söweşlerde ele salnan tanky ulanandyklaryny habar berdi.

Menagh howa bazasynyň Aleppo hüjüm eden harby dikuçarlar tarapyndan ulanylanlygy hem habar berilýär.

Siriýanyň Aleppo şäherindäki çaknyşyklar dowam edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Aleppoda agyr söweşler dowam etdirilýär. BMG-niň synçylary gozgalaňçylaryň söweşde hökümetiň elinden alnan tanklara we beýleki harby maşynlara eýe bolandyklaryny tassykladylar.

BMG-niň synçylary hökümet harbylarynyň Aleppoda howa hüjümlerini geçirip, gozgalaňçylary oka tutandyklaryny hem tassykladyrlar.

Ilatyň ýagdaýy

Aleppo şäheriniň ýüzlerçe ýaşaýjysy ýaşaýan ýerlerini terk edip, goňşy Türkiýedäki, Iordaniýadaky we Liwandaky bosgunlar lagerlerinde bolýan bosgunlara goşuldy.

Dünýä azyk pogrammasy we BMG-niň azyk we oba hojalygy boýunça guramasy şu ýyl çak bilen 3 milliona golaý siriýalynyň azyk önümleriniň ýetmezçiligini duýmaklarynyň ähtimaldygyny, sebäbi ýurtda gidýän söweşleriň oba hojalygyna zeper ýetirendigini aýtdy.

Şeýle-de bu guramalar, BMG-niň we Siriýanyň hökümetiniň maglumatlaryna salgylanyp, şu ýyl Siriýanyň oba hojalyk pudagynyň çak bilen 1.8 milliard dollarlyk zyýan çekenligini yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG