Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: oppozisiýa aktiwistleri Lukaşenkonyň adyna hat ýazdylar


Belarusda oppozisiýa syýasatçylary we aktiwistleri prezident Aleksandr Lukaşenkonyň adyna hat ýazyp, onda tussaglykda saklanylýan, adam hukuklary boýunça “Wesna” toparynyň başlygy Ales Belýatskiniň dessine azatlyga goýberilmegini talap etdiler.

“Wesna” topary Lukoşenkonyň dissidentlere garşy alyp barýan syýasaty barada giňden maglumat berýärdi.

Belýatskiý 2011-nji ýylyň awgustynda tussag edilip, ol salgyt galplyklary aýyplamasy boýunça 4,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bu aýyplamalary syýasy matlap bilen ýöňkelendigini öňe sürüp, olary ýazgarypdylar.

Belýatskiý özüniň günäkär däldigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG