Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Minskä şwed ilçisini kowany üçin duýduryş berdi


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Katrin Aşton Belarusa anna güni şwed ilçisini kowanlygy sebäpli “degişli ÝB çäreleriniň” görlüp bilinjegini duýdurdy.

Şwesiýa Belarusyň öz ilçisi Stefan Eriksony belarus oppozisiýasy bilen duşuşany üçin ýurtdan kowandygyny aýdýar.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt munuň “gaty gödek” hereketdigini aýtdy. Ol öz Twitter ýazgysynda “Belarusyň Şwesiýadaky täze ilçisiniň islenilmeýändigini”, şeýle-de öz edarasynyň beýleki iki belarus diplomatynyň hem ýurdy terk etmegini sorandygyny aýtdy.

Şu aralykda Belarusyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Andreý Sawinik belarus häkimiýetleriniň şwed ilçisini ýurtdan kowmandyklaryny, ýöne onuň akkreditasiýasyny uzaltmazlyk kararyna gelendiklerini habar berdi.
XS
SM
MD
LG