Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeňçi tatar ruhanylaryna hüjüm edendigini aýdýar


Tatarystanyň içeri işler ministri Artem Hohorin tatar parlamentinde Kazanda bolan soňky terror hüjümleri barada çykyş edýär.
Tatarystanyň içeri işler ministri Artem Hohorin tatar parlamentinde Kazanda bolan soňky terror hüjümleri barada çykyş edýär.
Bir yslamçy jeňçi geçen aý Tatarystanyň tanymal ruhanylaryna edilen terror hüjümleriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu hüjümlerde Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň tanymal yslam ruhanysy öldürilip, baş müftüsi agyr ýaralanypdy.

Köplenç çeçen jeňçileri tarapyndan ulanylýan “Kawkaz-Sentr” websaýtynda ýerleşdirilen wideo ýazgyda özüni Muhammad diýip atlandyran adam şeýle diýýär: “19-njy iýulda Kazanda Hudaýyň duşmanlaryna garşy – [baş müfti] Ildus Faýzow we [baş müftiniň öňki orunbasary] Waliulla Ýakupow – operasiýa geçirildi.”

"Mujahedinleriň emiri"

Muhammad wideo ýazgyda “özüniň Tatarystan mujahedinleriniň emiridigini” aýdýar.

Ol “Hudaý halasa, özleriniň hudaýyň duşmanlaryna garşy şuňa meňzeş hüjümleri dowam etdirjeklerini” hem duýdurýar.

Şeýle-de Muhammad Tatarystanyň ymamlarynyň ählisini “Şerigat kanunynyň esaslaryna dolanyp gelmäge” çagyrýar we, yslam ruhanylaryna “kapyrlar” bilen haklaşyk barada duýduranyndan soň, “siz şeýdip özüňizi mujahedinlerden gorap bilersiňiz” diýýär.

Bir minut 49 sekuntlap dowam edýän wideo ýazgy YouTube sahypasynda 3-nji awgustda, Marat Halimow tarapyndan ýerleşdirilipdir.

18-nji iýulda biri-birine dahylly bolup görünýän hadysalarda Faýzow ulag partlamasyndan aman galdy, emma Ýakupow atylyp öldürildi.

Bu hüjümler bilen ilteşiklilikde bäş adam tussag astyna alyndy. Olaryň dördüsi Tatarystanyň ýaşaýjysy, biri bolsa özbegistanly.

Tatarystan 16-njy asyryň ortalarynda Iwan Groznyý tarapyndan basylyp alynmazyndan öň yslam merkezleriniň biri bolupdy.

Şondan bäri Orsýetiň bir bölegidigine garamazdan, Tatarystan, aram görnüşde hem bolsa, özüniň yslam mirasyny saklap galdy we bu ýurtdaky nebit ýataklary ony Orsýetiň baý regionlarynyň birine öwürmäge kömek etdi.

Jenaýatyň dini we maliýe sebäpleri

Orsýetiň Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markin Kazanda bolan ganly hüžümlerden bir gün soň çykyş edip, sülçüleriň olary hemme taraplaýyn, hem dini sebäp, hem maliýe sebäbi nukdaý nazaryndan derňeýändiklerini aýtdy.

"Faýzow Tatarystanyň baş müftiligine saýlanandan soň, ol respublikada yslamyň radikal akymlaryny wagyz edýän guramalara garşy berk pozisiýa saýlap aldy. Faýzow yslamyň bu akymlaryny wagyz edýän guramalaryň işine päsgel berdi –diýip, Martin aýtdy. - Mundanam başga, ol musulmanlary Mekgä haj zyýaratyna ýollaýan Idel-Haj guramasynyň pul serişdeleriniň akymyny öz kontrollugyna aldy. Şunuň bilen baglylykda, müfti bilen bu guramanyň başlygynyň arasynda konflikt boldy we ol Faýzowa haýbat atdy."

Prezident Wladimir Putin şeýle hüjümleriň amala aşyrylmagynyň sebäbini "öňüni alyş çäreleriniň" ýoklugy bilen baglanyşdyrdy. Käbirleri muny Tatarystanda repressiw çäreleriň köpeljegini aňladýan alamat hökmünde häsiýetlendirdi.

Wideo ýazgyda özüni Muhammad diýip atlandyrýan adam elinde Kalaşnikow awtomatyny tutup duran şekilde görünýär, ýöne onuň gol astynda näçe söweşijiniň bardygy, asla bar-ýoklugy hem belli däl. Ol mundan ozal ady eşidilmedik topar bolan "Tatarystan mujahedinleri» barada hiç bir anyk zat aýtmaýar.

Şu wakalar bilen baglylykda, Tatarystanyň Derňew komiteti şenbe güni ýerli ilatdan iki adamyň gözlenilýändigini, olaryň iýul aýynda yslam ruhanylaryna hüjüm etmegi planlaşdyrmaga kömek bermekde güman edilýändigini aýtdy.

Derňew bölümi Robert Waleýew bilen Raýs Mingalewiň çynlakaý jenaýat, şol sanda adam öldürmek we terrorçylyk bilen ilteşiklilikde gözlenilýändigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG