Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hiroşima atom bombasynyň taşlanmagynyň ýyl dönümini belleýär


Duşenbe güni Hiroşimada amala aşyrylan ilkinji atom bomba hüjüminiň 67-nji ýyl dönümi bellenilýär.

1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda amala aşyrylan şol bomba hüjüminiň golaýynda bina edilen Hiroşimanyň parahatçylyk momorial parkyna on müňlerçe adam – hüjümden aman galanlar, ölenleriň ýakynlary, resmiler we halkara wekilleri ýygnandy.

Mundan 67 ýyl ozal amala aşyrylan hüjümde Hiroşima şäheri dolulygyna diýen ýaly weýran edilip, 140 müňe golaý adam hem heläk bolupdy.

Hiroşimadaky wakadan üç gün soň, Nagasaki şäherine ikinji atom bombasy taşlandy. Şonda hem onlarça müň adam öldi. Munuň netijesinde Ýaponiýa ikinji jahan urşunda boýun bolmaga mejbur galdy.
XS
SM
MD
LG