Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda amala aşyrylan bomba hüjüminde sekiz adam öldi


Kabulda parahat ilaty daşaýan mini-awtobus bomba hüjüminde partladyldy. 7-nji awgust, 2012 ý.
Kabulda parahat ilaty daşaýan mini-awtobus bomba hüjüminde partladyldy. 7-nji awgust, 2012 ý.
Sişenbe güni irden Kabulda amala aşyrylan bomba hüjüminde parahat ilatyň arasyndan sekiz adam öldi, başga-da ýedisi ýaralandy. Bu barada Kabulyň resmileri habar berýär.

Kabul welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Wasiullah Miakhaýilyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümçiler esgerleriň awtobusyny partlatjak bolupdyrlar, emma bomba hüjüminde esgeleriň awtobusynyň yzyndan barýan mini-awtobus ýarylypdyr.

Howpsuzlyk güýçleri partlamany amala aşyran adamy ele salmagy başardylar. Polisiýa hüjümçini “Talyban” hereketiniň agzasy diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG