Azerbaýjanyň Siriýadaky ilçihanasy, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, özüniň işini togtatdy. Bu barada sişenbe güni Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Ministrligiň berýän maglumatyna görä, 60 töweregi azeri raýaty, şol sanda ilçi we ilçihananyň ähli işgäri Siriýany terk edipdir. Häzir Siriýada hiç bir azeri raýatynyň ýokdugy hem maglumatda nygtalýar.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri Siriýadaky ýagdaýlaryň ýakyn geljekde kadalaşjakdygyna, munuň netijesinde-de ilçihana özüniň işini täzeden dowam edip biljekdigine umyt edýändiklerini bellediler.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!