Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür serhet hüjümini amala aşyranlary “kapyrlar” diýip atlandyrdy


Kerem Şalom serhet geçelgesiniň golaýynda ýanyp duran ulag. Bu sebitden näbelli hüjümçiler Müsürden Ysraýyla geçjek bolupdy. 5-nji awgust, 2012 ý.
Kerem Şalom serhet geçelgesiniň golaýynda ýanyp duran ulag. Bu sebitden näbelli hüjümçiler Müsürden Ysraýyla geçjek bolupdy. 5-nji awgust, 2012 ý.
Ysraýyl ýekşenbe güni öldürilen alty söweşijiniň jesedini Müsüre berdi. Bu barada sişenbe güni Ysraýylyň mediasy habar berdi.

Ýaragly söweşijiler Sinaýy sebitinde 16 müsürli gümrükçini öldürip, ogurlyk harby ulagda Ysraýylyň territoriýasyna girmekçi bolupdylar.

Müsür şol yslamçy söweşijileri “kapyrlar” diýip atlandyryp, hüjümiň arkasynda duranlaryň jogapkärçilige çekiljekdigini belledi.

Ysraýyl Müsüri Sinaýy sebitiniň gözegçiligini güýçlendirmäge çagyrdy.

Müsürüň ýakynda saýlanan prezidenti Muhammet Mursi Sinaýy regionynyň “doly kontrollyga” alynjakdygyna söz berdi. Mursi söweşjileriň ýekşenbe güni amala aşyran hüjümi üçin “uludan jogap berjekdiklerini” hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG