Penşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň täze premýer-ministrini belledi. Şol bir wagtyň özünde ýurduň iň uly şäherleriniň birinde eýýäm ikinji gün çaknyşyklar dowam edýär, şeýle-de Siriýanyň meselesi boýunça Eýranda duşuşyk geçirilýär.
Siriýanyň ozalky saglygy saklaýyş ministri Wael al-Halki öňki premýer-ministr Riýad Hijaby çalyşar. Hijab geçen hepde häkimiýeti terk edip, Iordaniýa gaçyp barypdy.
48 ýaşly al-Halkiniň asly Siriýanyň Dera welaýatyndandyr. Mundan 17 aý ozal, bu şäherde prezident Başar al-Assada garşy baş götermeler başlanypdy.
Al-Halki 2000-2004-nji ýyllar aralygynda “Baas” partiýasynyň Dera şäherindäki bölümine ýolbaşçylyk edipdi. Ol 2010-njy ýylda ýurduň saglygy saklaýyş ministri wezipesine bellendi.
Bu aralykda Aleppo şäherinde çaknyşyklaryň dowam edýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Çarşenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi hökümet güýçleriniň şäheriň Salahadinne etrabyny eýeländikleri barada maglumat berdi. Emma, aktiwistleriň nygtamagyna görä, penşenbe güni ol ýerde çaknyşyklar heniz hem dowam edipdir.
Eýrandaky maslahat
“AFP” habar agentligi “Siriýanyň azat armiýasy” toparynyň ähli wekilleriniň Selahedinne etrabyndan çekilendigi barada maglumat berdi.
Şol bir wagtda, Eýran Tähranda Siriýanyň meselesi boýunça diplomatik duşuşyk geçirýär. Siriýadaky dowam edýän gazaplylygy togtatmagyň ýollaryny maslahat etmek üçin Orsýetiň, Hytaýyň, Pakistanyň, Wenesuelanyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň we ençeme Arap ýurtlarynyň wekilleri Tährana ýygnandylar.
Tähran Siriýanyň hökümeti bilen oppozisiýanyň arasynda “ymykly we mazmunly” gepleşikleriň geçirilmelidigini öňe sürdi.
Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi çykyş edip, Siriýadaky krizisiň diňe gepleşikleriň üsti bilen çözüljekdigine ynanýandygyny belledi.