Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Žurnaliste hüjüm edilmegi bilen bagly jenaýat işi gozgaldy


Gazagystanyň Akmola welaýatynda oppozisiýadaky gazak žurnalistine hüjüm edilmegi bilen bagly jenaýat işi gozgaldy.

Bu barada 10-njy awgustada ýurduň Içeri işler ministliginiň ýerli bölüminde “Interfaks” habar gullugyna maglumat berlipdir.

Ularbek Baýtaýilak çarşenbe güni öýüniň golaýynda urlup-ýenjilipdi. Bu hüjümiň netijesinde ýaralanan Baýtaýilak keselhana ýerleşdirildi.

“Interfaks” habar gullugy onuň keselhanada azyndan bir aýy bejeriljekdigini habar berýär.

Baýtaýilak oppozisiýadaky “Dat” neşirinde, “Çetwýortaýa wlast” gazetinde we “Altyn Tamyr” žunalynda makalalar bilen çykyş edýärdi.
XS
SM
MD
LG