Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl ilat üçin täze duýduryş usulyny synag edýär


Ýekşenbe güni Ysraýylyň häkimiýetleri bu ýurda raketa hüjümi amala aşyrylanda ilaty habardar etmek boýunça täze SMS sistemasyny synag edip başlady.

Ysraýylyň ýörite gullugy bu synagda mobil telefon aragatnaşygy arkaly özlerini hasaba aldyran müşderilere mobil operatorlarynyň üçüsiniň üsti bilen hebru, arap, iňlis we rus dillerinde SMS arkaly ýörite duýduryş ugradýar.

Geljek aýdan başlap resmi ýagdaýda işe giriziljek bu sistema Ysraýylyň raýatlaryny Eýran ýa-da Liwanyň Hizbulla topary tarapyndan amala aşyrylmagy mümkin hüjümlerden goramaklygy maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG