Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Terrorizmde aýyplanýan gazak raýaty 8 ýyl tussaglyga höküm edildi


Çarşenbe güni Gazagystanyň Aktobe şäheriniň sudy terror guramasyna agzalykda aýyplanýan 25 ýaşly bir ýerli raýaty 8 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud ony terror toparynyň işine gatnaşmakda we bikanun ýaraglara hem-de partlaýyjy maddalara eýelik etmekde günäli tapdy.

Suduň resmileri Gazagystanyň bu raýatynyň geçen ýylyň tomsunda bir ýerli polisiýa işgärini öldüren terror toparyna dahylly diýlip hasaplanylýandygyny mälim etdiler.

Ýöne ýurduň resmi çeşmeleri bu raýatyň anyk şahsyýeti barada maglumat bermeýärler.

2011-nji ýylyň maýynda şu Aktobe şäheriniň bir ýaşaýjysy Milli Howpsuzlyk Komitetiniň binasynyň girelgesinde öz-özüni partladypdy. Wakada üç adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG