Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: sud Ýuriý Lusenkony ýene goşmaça iki ýyla höküm etdi


Anna güni Kiýewiň sudy Ukrainanyň ozalky içeri işler ministri, tussaglykda oturan Ýuriý Lusenkony ikinji gozgalan jenaýat işi boýunça goşmaça iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud ony 2004-nji ýylda ýurduň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň zäherlenen bolmagynyň mümkindigi bilen bagly güman edilýän adamlary bikanun gözegçilik astyna almaklyga görkezme berenlikde günäli tapdy.

Şu ýylyň fewralynda Ukrainanyň sudy ony döwlet emlägine el gatanlykda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplap, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG