Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ýurduň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bellenildi


Şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň garaşsyzlyk güni bilen baglanyşykly geçirilen ýörite dabara gatnaşdy. Bu dabara diňe hökümet resmileriniň we hormat garawullarynyň gatnaşmaklarynda gurnaldy.

1919-njy ýylyň awgustynda Rawalpindi şäherinde Britaniýa bilen Owganystanyň gol çeken ylalaşygy esasynda Owganystan britan agalygyndan doly garaşsyzlyga eýe bolupdy.

Ýöne garaşsyzlygyň ýyl dönümi Owganystanyň paýtagtynda we beýleki şäherlerinde uly gerimde bellenilmedi.
XS
SM
MD
LG