Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanyň oppozisiýasy öz pullaryna el gatylýandygyny aýdýar


Gürjüstanyň oppozision koalisiýasynyň agzalary öz partiýalarynyň bank hasaplarynyň hökümet tarapyndan eýelenilip, 60 müň dollardan gowrak serişdäniň döwletiň hasabyna geçirilendigini aýdýarlar.

“Demokratik Gürjüstan” atly oppozision partiýanyň agzasy Nodar Haduri hökümetiň ýola goýan bu çäresiniň ýurduň oppozision koalisiýasyna hökümet tarapyndan salnan jerimäni mejbury usullar arkaly almak bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Ýakynda Gürjüstanyň hökümeti “Gürji umydy” atly oppozision koalisiýanyň alyp barýan saýlaw kampaniýasynyň bikanun usullar arkaly maliýeleşdirilýändigini aýdyp, bu oppozision koalisiýa 1.5 million dollar jerime salypdy.

Bu wakalar Gürjüstanda 1-nji oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýany ýüze çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG