Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO talybanlaryň möhüm lideriniň öldürilendigini aýdýar


Ýekşenbe güni NATO-nyň resmileri şenbe güni geçirilen howa hüjüminde talybanlaryň esasy meýdan komandirlerinden biri Mewlewi Nur Mohammediň we onuň kömekçisiniň ölendigini tassykladylar.

Owganystanyň Kunar welaýatynda geçirilen bu howa hüjüminde başga-da onlarça talyban söweşijisiniň öldürilendigi aýdylýar.

NATO-nyň resmileri Mewlewi Nur Mohammediň Kunar welaýatynyň Çapah Darah etrabyndaky talybanlaryň ähli hereketlerine ýolbaşçylyk edip gelen meýdan komandiridigini aýdýarlar.

Bu wakalaryň fonunda ýekşenbe güni Owganystanyň gündogar regionynda amala aşyrylan bir partlamada koalision güýçleriň üç sany esgeriniň ölendigi habar berildi. Emma bu esgerleriň kimlerdikleri barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG