Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda howpsuzlyk sebäpli mobil aragatnaşyk hyzmatlary togtadyldy


Pakistanda ýurduň uly şäherlerinde mobil aragatnaşyk hyzmatlary wagtlaýynça togtadyldy. Resmileriň sözlerine görä, bu Remezan aýynyň gutarmagy mynasybetli geçirilýän çärelerde “Talyban” hereketiniň amala aşyrmagy mümkin hüjümleriniň öňüni almak üçin edilýär.

Bu baradaky görkezme ýekşenbe güni giçlik güýje girdi. Şol wagt millionlarça adam Eid al-Fitr baýramy mynasybetli birek-biregini telefon arkaly gutlaýardy.

Pakistanyň içeri işler ministri Rehman Malik bu çäreleri geçirmäge mejbur galandyklary üçin gynanýandygyny aýtdy. Emma Malik munuň “amala aşyrylyp bilinjek terroristik hüjümleri sebäpli” edilendigini hem sözüne goşdy.

Resmileriň bellemegine görä, söweşijiler özleriniň hereketlerini sazlamak üçin mobil telefonlaryny ulanmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG