Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Siriýa himiki ýaraglar boýunça duýduryş berdi


Aleppo (Halap) şäherinde hem söweşleriň dowam edýändigi aýdylýar.
Aleppo (Halap) şäherinde hem söweşleriň dowam edýändigi aýdylýar.
Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron amerikan prezidenti Barak Obamanyň beren duýduryşyny gaýtalap, Siriýa hökümetiniň himiki ýaraglary ulanmagynyň ýa ulanjak diýip haýbat atmagynyň "bütinleý kabul ederliksizdigini" aýtdy.

Prezident Obama 21-nji awgustda Siriýada himiki ýa biologik ýaraglar bilen urşa girilmegi Birleşen Ştatlar üçin çynlakaý duýduryş, ýagny bir "gyzyl çyzyk" diýipdi.

Şeýle-de Kameronyň kabineti Britaniýanyň, Fransiýanyň we Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň oppozision güýçlerini 17 aý bäri prezident Başar al-Assadyň garşysyna alyp barýan göreşinde goldamagyň ýollary barada pikir alşandyklaryny bildirdi.

Bu aralykda Birleşen Milletler Guramasynyň Syýasy işleriniň başlygy Jefri Feltman bu guramanyň Howpsuzlyk Geňeşine Eýranyň Siriýa ýarag ibermegi onuň ýarag eksportyna girizilen gadagançylygyň göz-görtele bozulmagy diýdi:

—Ýagdaýa seredeniňde, gazaply hereketleriň dowam edýändigini, käbir halatlarda hem onuň güýjeýändigni görmek bolýar. Hem hökümet hem-de oppozisiýa harby operasiýlara we zorluk ulanmaga ýykgyn edýär. Hökümet güýçleri ilatly merkezleriň garşysyna agyr ýaraglardan peýdalanýarlar. Siriýi halky konfliktiň gorkunç ýagdaýda harbylaşmagyndan ejir çekýär. Siriýada iki tarapa ýarag ýetirilmegi barada Baş sekretar ençeme gezek öz aladasyny beýan etdi. Bu iş kähalatlarda şu Geňeş tarapyndan 7-nji baba esaslanyp, ýarag eksportyny gadagan etmek barada kabul edilen 1747 bellikli rezolýusiýanyň bozulmagy ýaly bolup görünýär.

1747 bellikli rezolýusiýa boýunça Eýrana ýarag eksport etmek gadagan. Bu iş Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasynyň 7-nji babyna esaslanýar. Bu bap boýunça Howpsuzlyk Geňeşi diplomatik we ykdysady sanksiýalardan başlap, tä harby interwensiýa çenli birgiden çäreleri görüp bilýär.

Howpsuzlyk Geňeşiniň duşuşygyndan soň BMG-niň Ynsanperwerlik kömekleriniň başlygy Waleri Amos Siriýadaky gumanitar ýagdaýy şeýle suratlandyrdy:

—Men barha artýan konfliktiň ýaramaz täsirlerini öz gözüm bilen görüp, krizisiň agyr netijeleri bilen ýüzbe-ýüz duran erkeklere, aýallara we çagalara ýetirilmeli gumanitar kömekleri artdyrmagyň ýollary barada gürleşmek üçin öten hepde Siriýada we Liwanda boldum. Meniň mart aýynda eden öňki saparymdan bäri ýagdaý has ýaramazlaşypdyr. Hökümetiň öz berýän maglumaty boýunça, 1.2 million adam jemgyýetçilik binalarynda bolýar. Öz garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň ýanynda bolýan adamlaryň sany mundan hem ýokary. Krizisiň ykdysadyýete, adamlaryň ýaşaýyş serişderlerine ýetiren zyýanynyň barha artmagy sebäpli hem öý-owzaryny taşlap gaçyp giden adamlara hem-de olara hossarlyk edýänlere gyssagly kömek gerek.

Siriýanyň içinde bolsa hökümet güýçleri tanklardan peýdalanyp, paýtagt Damaskyň eteginde iki ýere hüjüm etdiler. Aýdylyşyna görä, bu hüjümlerde gozgalaňçylykda şübhelenilýän 35 adam heläklenipdir. Aleppo (Halap) şäherinde hem söweşleriň dowam edýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG